25-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultanbaý Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada diplomatik edaranyň metbugat gullugy habar berýär. Taraplar Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak babatda pikir alyşdylar. Pyragynyň döredijiligini giňden wagyz etmeklige we Änewiň medeni gymmatlygyny halkara meýdançalarynda (TÜRKSOÝ, BMG, ÝUNESKO) ýaýratmaklyga aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlygyna kanagatlanma bildirip, TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändigini mälim etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir