25-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen onuň özbek kärdeşi Bagtyýar Saidowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky çuňňur strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge aýratyn üns berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda diplomatlar 2024-nji ýyl üçin baý mazmunly iş meýilnamasyny, şeýle-de halkara institutlarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Şol gün Bagtyýar Saidow Türkmenistanyň ilçisi Şadurdy Meredow bilen ýüzbe-ýüz görnüşde gepleşikleri dowam etdirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we sebitleýin gün tertibiniň birnäçe temasyny ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň arasynda öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine, şeýle-de geljekki bilelikdäki çärelere seretdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir