1999-njy ýylda çykarylan “Bundokly keramatlylar” kult filmi “Jon Uikiň” üstünde işlän Thunder Road kompaniýasy tarapyndan täzeden çykarylar diýip, Deadline habar berýär. Filmiň asyl nusgasy özlerini hudaýyň wekili hasaplaýan we jenaýatçylygyň artýan şäher köçelerinde adalaty ýola goýýan bostonly iki dogan hakda gidýär. 2009-njy ýylda “Ähli keramatlylaryň güni” ady bilen filmiň dowamy çykdy. Taslamanyň täzeden goýberilmegi bilen filmiň asyl nusgasyna gatnaşan aktýorlaryň - Norman Ridusyň we Şon Patrik Fleneriň öz keşplerine gaýdyp geljekdigi bellendi. Täze filmiň sýužeti, goýberiljek senesi we filme kimiň režissýorlyk etjekdigi entek belli däl.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir