Bostonyň RR Auction auksionynyň maglumatlaryna görä, Stiw Jobsuň goly bolan seýrek Apple Computer wizit kartoçkasy auksionda 181 183 dollara satyldy. Bu gol çekilen wizit kartoçka üçin rekord bahadyr diýip, gagadget.com belleýär. Bu wizitka 40 ýyldan gowrak wagt bolup, ol 1983-nji ýyl bilen senelenýär. Onda Apple-iň köne alty reňkli logotipi şekillendirilen, şeýle-de kompaniýanyň öňki salgysy görkezilen: Kaliforniýanyň Kupertino şäherindäki 10945 Bandley Drive. Jobs Apple-iň müdirler geňeşiniň başlygy hökmünde görkezilýär. Stiw Jobs karýerasynyň dowamynda öz goluny seýrek ýagdaýda “paýlapdyr”, şonuň üçin onuň goluny saklaýan predmetler, köplenç, uly mukdara satylýar. Öň, biz Stiw Jobsuň wizitkasynyň taryhda iň gymmat wizit kartoçkasy bolandygyny habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir