Nissan kompaniýasynyň Demirgazyk Amerikadaky bölümi Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin Kicks -iň ikinji neslini hödürledi. Krossower täze dizaýn, has güýçli hereketlendiriji, tekerleri doly hereketli we birnäçe tehnologiki täzelenme aldy diýip, auto.ru habar berýär. Bir hepdeden Nýu-Ýorkda açyljak halkara awtoulag sergisinde awtoulag köpçülige çykarylar. Kicks daşyndan täze radiator paneli, köp derejeli yşyklandyryş enjamlary we ulaldylan gabarasy bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda salonda 12,3 dýuýmlyk iki displeý, şeýle hem simsiz Android Auto we Apple CarPlay üçin goldaw peýda boldy. 1,6 litrlik hereketlendirijiniň ýerine Kicks indi CVT bilen jübütlenen 141 at güýjüni öndürýän 2 litrlik hereketlendiriji bilen enjamlaşdyryldy. Ilkinji gezek modeliň ähli tekerleri hereketli boldy. ABŞ-da we Kanadada täze Nissan Kicks-iň satuwy tomus aýynyň ahyrynda başlar. Bahalar entek yglan edilmedi. Krossoweriň öňki nesliniň bahasy ABŞ-da 21 050 dollardan başlaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir