OnePlus täze Qualcomm prosessory we halka şekilli çyra bilen enjamlaşdyrylan orta arzanlykdaky Ace 3V smartfonyny hödürledi. Täze önüm 2772x1240 piksel durulygy we 120 Gs täzeleniş tizligi bolan 6,74 dýuým OLED displeýi bilen üpjün edildi. Esasy kamera 50 megapiksel durulykdaky Sony IMX882 sensory bilen görkezilýär we 8 megapiksel ultra giň burçly modul bilen üsti ýetirilýär, datçikleriň aşagynda halka şekilli çyra ýerleşýär. Selfi üçin öň tarapynda 16 MP kamera bar. OnePlus Ace 3V-iň öndürijiligine ýokary tizlikli LPDDR5X operatiw ýat we UFS 4.0 ammary bilen doldurylan Qualcomm-yň täze Snapdragon 7+ Gen 3 çipi jogap berýär, bu bolsa täze önümi köp bäsdeşlerinden tapawutlandyrýar. 5500 mA/sagat sygymly akkumulýator 100 W çenli çalt zarýad bermegi goldaýar. Beýleki aýratynlyklar IP65 standartyna laýyklykda çyglylykdan we tozandan goragy, stereo dinamikleri, Bluetooth 5.4, NFC we infragyzyl porty öz içine alýar. Smartfon Android 17-ä çenli kepillendirilen täzelenme bilen Android 14-de işleýär. OnePlus Ace 3V Hytaýda 12/256 GB wersiýasy üçin 2 müň ýuan (takmynan 280 dollar) bahadan satylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir