Braun uniwersitetiniň ylmy gözlegçiler topary beýniniň işjeňligi baradaky maglumatlary okap bilýän kiçi simsiz datçikleri hödürledi. Her çipiň ululygy gönüden-göni beýni dokumalaryna ýerleşdirmäge mümkinçilik berýän ölçegden - 1 mm-den geçmeýär. Newrotehnologiýa pudagyndaky täze ösüş barada Nature Electronics üçin taýýarlanan makalada gürrüň berilýär. Datçikleriň işleýşi neýronlaryň işleýşine meňzeş, olar hakyky wagtda simsiz aragatnaşyk arkaly maglumaty gysyp geçirýärler. Bu alymlara bedeniň temperaturasy, neýromediatorlaryň derejesi we beýleki biomarkerler ýaly, dürli görkezijilere gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Synag wagtynda 78 datçikli ulgam minimal ýalňyşlyklar bilen beýniniň işjeňligi baradaky maglumatlary ýygnamagy we geçirmegi üstünlikli görkezdi. Alymlaryň sözlerine görä, bu ösüş implant edilýän we ýanyňda göterilýän lukmançylyk enjamlarynyň täze nesli üçin esas bolup biler. Häzirki wagtda gözlegçiler datçikleriň energiýa sarp edişini optimizirlemäge we bu tehnologiýanyň ulanylyp bilinjek täze ugurlaryny tapmaga ünsi jemleýärler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir