26-njy martda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy geçiriler. Wise-premýer M.Mämmedowanyň Hökümet mejlisinde habar bermegine görä, dabarany Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirmek meýilleşdirilýär. Dabaranyň çäklerinde türki halklaryň aýdymçylarynyň konsertini, suratkeşleriniň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisini guramak göz öňünde tutulýar. Bu çärelere gatnaşmak üçin Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türk medeniýetiniň we mirasynyň gaznasynyň, Halkara Türk akademiýasynyň, şeýle hem TÜRKSOÝ-a agza we synçy ýurtlaryň, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň hem-de döredijilik we ylym wekiliýetleriň ýurdumyza gelmegine garaşylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda dürli çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir