Prezident Serdar Berdimuhamedow Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlady. Täze kitabyň döremegine Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary ýakyndan goldaw berdi. Bu barada döwlet Baştutany şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi. “Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza sowgat bolar” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 26-njy martda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga berler. Serdar Berdimuhamedow taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigini belläp, Watanymyzda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlaryna ünsi çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser etdi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary täze kitabyň döremegine ýakyndan goldaw berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir