29-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli giň gerimli çäreler geçiriler. Bu barada 23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine saparynyň barşynda geçiren iş maslahatynda aýdyldy. Iş maslahatynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler barada habar berildi. Şeýle hem Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlarynda tebigy betbagtçylyklardan ejir çeken çagalara ynsanperwer kömegiň iberilendigi aýdyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylaryň, aýratyn hem çagalaryň saglygy barada aladanyň döwletiň esasy üns merkezinde durýandygyna üns çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň we berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň halkara ülňülerine laýyk gelmelidigi barada belledi. Lukmanlaryň hünär derejelerini yzygiderli kämilleşdirmäge hemişe ähmiýet berilmelidigine üns çekildi. Çagalar barada alada dogrusynda durup geçirip, Gurbanguly Berdimuhamedow bejergi alýan çagalaryň arasynda döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmeginiň we olary höweslendirmegiň möhümligini nygtady. Hususan-da, çagalaryň arasynda surat bäsleşigini guramak we çekilen suratlary Gaznanyň muzeýinde ýerleşdirmek maksadalaýyk bolar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir