23-nji martda Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde gurulýan hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähleriň, köpugurly stadionyň we ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň şekil taslamalary görkezildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, käbir bellikleri etdi we degişli düzedişleri girizdi. Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän “Saglyk” seýilgähiniň taslamasy bilen tanyşdy, atlaryň heýkelleriniň görnüşlerini gözden geçirdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň, ýollaryň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän ýagtylandyryş sütünleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir