Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Podmoskowýede bolup geçen terrorçylykly hereket sebäpli ilçihanada hatyra kitabyny döretdi. Ilçihananyň habar bermegine görä, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda (1941-nji köçe) 24-nji we 25-nji martda sagat 10:00-13:00 we 15:00-17:00 aralygynda hatyra kitabyna bolup geçen wakalar sebäpli duýgudaşlyk bildirmek isleýänler üçin ilçihananyň gapylary açyk bolar. Şeýle hem duýgudaşlyk hatlaryny elektron poçtanyň üsti bilen hem ugradyp bolar: rusemb-ashkhabad@mid.ru

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir