Pensilwaniýa ştatynyň Dreksel uniwersitetiniň alymlary betonyň gary özbaşdak eredip bilýän täze görnüşini döretdiler. Ösüşiň syry - betona doňanda ýylylygy bölüp çykarýan parafiniň goşulmagydyr diýip, New Atlas ýazýar. Synaglar täze betonyň 76x76 sm-lik plitasynyň howanyň temperaturasy noldan aşak düşenden soň, 10 sagatlap 5,6-12,8 ° C-a çenli gyzgynlygyny saklaýandygyny görkezdi. Bu wagt plitanyň üstüne düşen ähli garlary eretmek üçin ýeterlik boldy. Garyň ereýiş tizligi sagatda 1 santimetrdi. Şeýle betonyň ulanylmagy awtoulag ýollaryna garaýşymyzy üýtgeder, sebäbi olar aşakdaky ýaly birnäçe artykmaçlygy hödürleýärler: Hyzmat ediş möhletiniň uzalmagy: şeýle ýollarda çyglylygyň azalýandygy sebäpli az çukur emele gelýär. Howpsuzlyk: awtoulgayň yzky böleginiň typyp burulmagyna we heläkçilikleriň ýüze çykmagyna getirýän duzy, reagentleri ýa-da çägäni ulanmagyň zerurlygy ýok. Tygşytlamak: şäherler ýollary bejermeklige sarp edýän millionlarça dollaryny tygşytlap bilerler. Ýöne ösüşiň bir bolmaýan tarapy bar - ekologiýa taýdan arassa hasaplanylmaýan parafin mumy ulanylýar. Alymlar eýýäm has netijeli we ekologiýa taýdan arassa boljak öz-özüni ýyladýan betonyň ikinji neslini döretmek ugrunda iş alyp barýarlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir