Hindistanyň Wallmakers arhitektura firmasy gerekmejek 6200 töweregi oýunjakdan jaý gurdy. Bina Demirgazyk Kerala ştatynda obanyň tokaýlyk ýerinde ýerleşýär diýip, New Atlas ýazýar. Arhitektorlaryň kellesine oýnawaçlary gurluşyk materialy hökmünde ulanmak pikiriniň gelmegi bu munisipalitetiň ştatda iň köp oýnawaç öndürýändigi sebäplidir. Wagtyň geçmegi bilen çagalar oýnawaçlary taşlaýarlar, sebäbi olara bolan gyzyklanmany ýitirýärler. Wallmakers gereksiz zatlara ikinji gezek ömür bermek kararyna geldiler. Bina iki bölekden ybarat: açyk fasady we gowy howa çalşygy bolan merkezi blok we ýokarky bölegi. Jaýyň esasy bölegi gurluşyk meýdançasyndaky toprakdan taýýarlanan gysylan bloklardan gurlupdyr. Gurluşykda gaýtadan işlenen Mangalor plitalary hem ulanylypdyr. Jaýyň içki meýdany 357 inedördül metr. Jaýyň taslamasy giňişligi aňrybaş doly ulanmakdan ugur alypdyr. Meýdanynyň köp bölegini ýaşaýyş otaglary tutýar. Hususy zolaklar ýapon stilindäki sedzi tutulary bilen bölünýär. Şeýle hem goşmaça howa çalşygyny üpjün edýän insiz merkezi howlusy bar. Wallmakers-iň öz taslamalarynda taşlanan materiallary ilkinji gezek ulanyşy däl. Ýakynda olar taşlanan plastik gaplardan jaý gurdular. Onsoňam dünýädäki oýunjaklaryň 90% -inde plastmassanyň bardygy aýdylýar. Oýnawaçlaryň global satuwy 2022-nji ýylda 107,4 milliard dollara ýetdi. Şeýle-de oýnawaçlar çylşyrymly formasy we himiki goşundylary sebäpli gaýtadan işlemek üçin amatly däldir. Netijede, öndürilen oýunjaklaryň 80% -i zir-zibil dökülýän meýdanlarda, hapa ýakylýan ýerlerde ýa-da ummanda galýar. 6000 oýunjakdan ybarat jaý diňe bir özboluşly binagärlik çözgüdi bolman, eýsem daşky gurşawyň hapalanmagy meselesine hem ünsi çekýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir