Xiaomi öz smartfonlarynyň bahalaryny galdyrmakçy bolýar. Kompaniýanyň 2023-nji ýyldaky maliýe hasabatyna görä, Hytaý yklymynyň çäginde tehnologiýa ägirdiniň smartfonlarynyň ortaça bahasy 19% ýokarlandy we kompaniýanyň taryhynda iň ýokary baha ýetdi diýip, Gadget Tendency portaly ýazýar. Ähli üpjünçiligiň 20%-ni emele getirýän Xiaomi-iň flagman enjamlary premium smartfon bazarynda iň üstünlikli boldy. Kompaniýa 555 dollardan 835 dollar aralygyndaky segmentde bazaryň 17% -ni eýeleýär. Geçen ýyl Xiaomi-niň girdejisi 126,3 göterim artdy we bu görkeziji kompaniýanyň taryhynda ululygy boýunça ikinji orunda durýar. Xiaomi-niň baş direktory Lýu Weýbin kompaniýanyň flagman smartfonlaryny mahabatlandyrmagy dowam etdirjekdigini aýtdy. Analitikler 2024-nji ýylda Xiaomi-niň enjamlarynyň bahalarynyň hasam ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar. Şeýlelikde, täze flagman Xiaomi 14 Ultra-nyň bahasy eýýäm iPhone 15 Pro Max-yň bahasy bilen deňleşýär.