Apple iPhone 16-da ekranyň çarçuwalaryny kiçeldip, onuň ölçeglerini ulaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada Seulyň Sisa Journal-E neşirine salgylanýan Applepro.news habar berýär. Maglumatlara görä, iPhone-yň displeýini öndürijiler mis simleri burmagyň we ýerleşdirmegiň täze tehnologiýasyny ulanyp, çarçuwalary kiçeltmegi öwrendiler. Ozal bu tehnologiýa ulanylanda gysylan simler onuň aşa gyzmagyna sebäp bolupdy, ýöne inženerler bu meseläni çözmegi başardylar. Bu üýtgeşmeleriň Apple-iň güýzde hödürlejek iPhone 16-synyň dört modeliniň hemmesine täsir etmegine garaşylýar. BRS ultra inçe çarçuwaly tehnologiýa iPhone 16, 16 Plus, 16 Pro we 16 Pro Max-da elýeterli bolar. Şeýle-de bolsa, diňe soňky iki modeliň ekrany ulaldylar: iPhone 16 Pro iPhone 16 Pro Max ýaly, 0,2 dýuým uly displeý alyp biler. Şeýle hem, Apple-iň Face ID modulyny ekranyň aşagynda gizläp biljekdigi mälim boldy, ýöne bu 2026-njy ýyla çenli bolmaz. Hasabatlara görä, iPhone 17 Pro täzelenen Face ID tehnologiýasyny alar, emma öňdäki kamera üçin tegelek kesigi öňküligine galdyrylar. Apple meýilnamalaryny üýtgetmese, ähli elementler diňe 2027-nji ýylda ekranyň aşagyna geçiriler. Ondan öň, iPhone 16 Pro -yň çyzgylary kamera bölüminiň dizaýnynda hiç hili üýtgeşmäniň ýokdugyny görkezýän onlaýn görnüşde peýda boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir