ABŞ-nyň hökümeti Intel korporasiýasyny ösdürmek üçin takmynan 20 milliard dollar maýa goýýar. Bu barada Ak tam yglan etdi. Berilýän maglumatlara görä, 8,5 milliard dollar gönüden-göni maliýeleşdirmek görnüşinde, ýene 11 milliard dollar ýarymgeçirijileriň we beýleki ýokary tehnologiýaly gurluşlaryň önümçiligini ösdürmek üçin karz ugrunyň çäklerinde berler. Bu serişdeler Arizona, Nýu-Meksiko, Ogaýo we Oregon ştatlaryndaky Intel kärhanalaryny enjamlaşdyrmak hem-de giňeltmek üçin gönükdirilýär. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi 30 müňe golaý täze iş ornuny döreder we degişli kärhanalarda ýene on müňlerçe işgäri goldar diýlip, habarda bellenilýär. Bu ugurdaky maýa goýumlarynyň mukdarynyň 240 milliard dollardan geçmegine garaşylýar. Amerikan hökümetiniň pikiriçe, munuň özi «ýarymgeçiriji önümçiliginiň ABŞ-a gaýdyp gelmegine» goşant goşar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir