Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) ofsaýdy kesgitlemek düzgünlerini üýtgedip biler we hüjüm edýän toparyň oýunçysy garşydaşynyň soňky oýunçysyndan tutuş bedeni bilen öňde bolan ýagdaýynda muny düzgün bozma hasaplar. Üýtgeşmeler baradaky başlangyjy «Arsenalyň» öňki tälimçisi we FIFA-nyň futboly ösdürmek bölüminiň häzirki başlygy Arsen Wenger öňe sürdi. Täze düzgünler güýje girse, pas geçirilen pursatynda hüjüm edýän toparyň oýunçysy garşydaşynyň soňky goragçysyndan tutuş bedeni bilen öňde bolsa, ofsaýd hasaba alnar. Häzirki düzgünlere görä, ofsaýdy kesgitlemek üçin hüjüm edýän futbolçynyň bedeniniň islendik bölegi bilen goragçydan öňe geçmegi ýeterlikdir. Bu düzgün 2023-nji ýylyň noýabr aýyndan başlap, Italiýada we Şwesiýada ýaşlaryň arasyndaky dürli ýaryşlarda synagdan geçirilýär. Synagyň şowlulygyna IFAB-yň Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň fewralyndan soň baha berler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir