Perm milli gözleg politehniki uniwersitetiniň alymlary wagtyň geçmegi bilen süýnüp bilýän täze protezleri döretdiler. Şeýlelik bilen, çalt ulalmagy sebäpli enjamy ýygy-ýygydan çalyşmaly bolýan çagalar indi protezi has wagtlap geýip biler. Bu mowzuk boýunça ylmy makala «Polymers» žurnalynda çap edildi. Täze oýlap tanyş auksetika ýaly materiallara esaslanýar. Ozal protez ýasamak üçin ulanylýanlardan tapawutlylykda, olar basyşyň astynda kiçelýärler we dartylanda süýnýärler. Alymlar bu täsire ýörite döredilen öýjükler we ary öýjüklerini ýada salýan tor gurluşy arkaly ýetdiler. Şeýle şekilleriň açyk daralan ýa-da petiklenen arteriýalary giňeltmek we goldamak üçin eýýäm ýörite gurluşlary işläp düzmekde ulanylýandygy mälimdir. Şeýle materialyň 3D görnüşinde çap edilen modelleriniň deformirlenen nusgalaryň mehaniki hereketini dogry gaýtalaýandygy kesgitlendi. Perm milli gözleg politehniki uniwersitetiniň hünärmenleriniň döreden bu taslamasy hassalaryň rahatlygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem çagalaryň protezlerini döretmek tehnologiýasyny kämilleşdirmäge kömek eder. Materiallaryň akustiki aýratynlyklaryny has giňişleýin öwrenmek olaryň biolukmançylyk pudagynda ulanylmagyny ep-esli giňelder.