BMG-niň Baş Assambleýasy (BA) 21-nji martda emeli aň (AI) pudagyny kadalaşdyrmaklyga we onuň howpsuzlygyny üpjün etmeklige gönükdirilen Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi diýip, TASS habar berýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan hödürlenen we guramanyň 193 agza-ýurtlary tarapyndan goldanýan bu resminama emeli aňy jogapkärli ösdürmek we ulanmak üçin esas goýmagy maksat edinýär. Rezolýusiýa emeli aňy ösdürmekde we ulanmakda, esassyzlygy we hukuk kemsidilmelerini aradan aýyrmak bilen, kuwwatlylygy ýokarlandyrmagyň we jogapkärçilikli çemeleşmäniň möhümdigini nygtaýar. Resminamanyň 13 punktynda emeli aň pudagynda ýurtlaryň arasyndaky “üzňeligi aradan aýyrmaga” çagyryş ýaňlanýar. Şeýle hem, BMG-niň BA-sy emeli aňyň artykmaçlyklaryna hemme üçin deň we adalatly elýeterliligi üpjün etmekde döwletleri we beýleki gyzyklanýan taraplary özara hyzmatdaşlyga çagyrýar. ABŞ-nyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik ilçisi Linda Tomas-Grinfild: "Innowasiýa we düzgünleşdiriş özara gapma-garşy bolman, eýsem, biri-biriniň üstüni ýetirýändir" –diýip belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir