29-njy martda Moskwada GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen Russiýanyň wise-premýeri Alekseý Owerçukyň arasynda geçirilen iş duşuşygynda mälim boldy diýip, TASS habar berýär. "Taraplar Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady integrasiýanyň ileri tutulýan meseleleri we 2024-nji ýylyň 29-njy martynda GDA-nyň Moskwada geçiriljek Ykdysady Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça bilelikdäki iş barada pikir alyşdylar" – diýip, Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň web sahypasynda çap edilen resminamada habar berilýär. Duşuşygyň gün tertibine GDA-nyň agza ýurtlarynyň arasynda söwda, maýa goýum, energiýa üpjünçiligi, ulag ulgamyny we beýleki degişli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri girer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir