Nvidia 2024-nji ýylda gymmaty boýunça ABŞ-nyň iň çalt ösýän brendine öwrüldi. Brand Finans-iň reýtingine görä, dünýäniň öňdebaryjy çip öndürijilerinden biri bolan Nvidia-nyň bahasy ýylyň dowamynda 163 göterim ýokarlap, 44,5 milliard dollara ýetdi diýip, TASS habar berýär. Bu Nvidia-a dünýäniň iň gymmatly brendleriniň sanawynda 41-nji orny, amerikan kompaniýalarynyň arasynda bolsa 17-nji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Reýtingde öňdebaryjy brend gymmaty 74% ýokarlanyp, 516,6 milliard dollara barabar Apple bolup galýar. Microsoft 340,4 milliard dollar (+ 78%) bilen ikinji ýeri eýeleýär, Google bolsa 333,4 milliard dollar (+ 18,5%) bilen üçünji orny eýeleýär. Şeýle hem ilkinji onluga Amazon (308,9 milliard dollar, + 3%), Walmart (96,8 milliard dollar, -15%), Facebook (75,7 milliard dollar, + 28%), Verizon (71,8 milliard dollar, + 6%), Instagram (70,4 milliard dollar, + 48%), Starbucks (60,7 milliard dollar, + 13,5%) we Tesla (58,3 milliard dollar, -12%) girýär.