Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binalarynyň birine öwrülen täze Mori JP Tower gökdirän binasynyň gurluşygy tamamlandy. Hi-Tech-iň berýän habaryna görä, 64 gatly diňiň beýikligi 325,2 metrdir. Gökdirän binanyň taslamasy Pelli Clarke & Partners binagärlik býurosy tarapyndan işlenip düzüldi. Bina Tokionyň ýaşyl baglyklary bilen tanalýan, gülläp-ösüp barýan sebiti bolan Azabudai Hillsde ýerleşýär. Mori JP Tower ýaşaýyş jaýlaryny we edara binalaryny özünde utgaşykly sazlaşdyrýar. Iň ýokarky 11 gatynda Aman myhmanhanasy ýerleşýär. Gökdirän bina sebitiň seýsmiki işjeňligini göz öňünde tutup döredildi. Konstruksiýanyň polat turbalary örän güýçli beton bilen doldurylýar, binada bolsa yranmanyň täsirini azaltmak üçin dempferler oturdylan. Taslamanyň awtorlarynyň sözlerine görä, gökdirän bina 9,0 bally güýçli ýertitremede-de adatdakysy ýaly işlemegini dowam etdirer. Şeýle-de bolsa, diňde 3600 adama niýetlenen wagtlaýyn gaçybatalga we ilkinji kömegiň enjamlary üçin ammar bar. Gökdirän binanyň ýene bir aýratynlygy – onda diňe dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanmagy. Ýylylyk kanalizasiýa ulgamyndan gelýär, ýagyş suwlary ýygnalýar we suwaryş üçin arassalanýar, ýaşaýyş jaýlaryndan akyp çykýan suwlar bolsa ofisleriň ýerleşen gatlaryndaky hammam otaglarynda ulanylýar. Mori JP Tower rahatlygy, howpsuzlygy we daşky gurşawyň aladasyny özüne birleşdirýän häzirki zaman gökdirän binalarynyň mysalydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir