Şotlandiýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Riçard Hýuz täze möwsümde «Liwerpulyň» sport direktory wezipesinde nemes Ýorg Şmadtkeniň ýerine geçirer diýip, futbol boýunça Angliýanyň 19 gezek çempionynyň resmi saýtynda habar berilýär. Hýuz «Liwerpula» goşulmak üçin «Bornmutda» tehniki direktorlyk wezipesini terk eder. Şmadtke gyşky transfer möwsümi gutarandan soň klubdan çykdy. 44 ýaşly hünärmeniň wezipä bellenilmegi täze möwsümden «Liwerpula» eýeçilik edýän kompaniýanyň futbol bölüminiň başlygy Maýkl Edwards bilen ylalaşyldy. Edwards ozal 2011-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli «gyzyllaryň» sport direktory bolup işledi, şol döwürde «Liwerpul» 1990-njy ýyldan bäri ilkinji çempionlygyna eýe boldy we taryhynda altynjy gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir