Hytaýyň günorta-günbataryndaky Çžeszýan welaýatynda dizaýny boýunça Aşgabadyň howa menzilini ýada salýan täze Lişuý howa menzili gurulýar. MAD Architects binagärlik býurosy tarapyndan işlenip taýýarlanan taslama uçmaga taýyn ap-ak guşy ýatladýar diýip, New Atlas ýazýar. Gurluşygy 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär. “Guşuň” beýikligi 24 metr, meýdany 12 100 inedördül metr bolar. Lişuý howa menzili agaçlaryň we ýaşyl otlar bilen örtülen baýyrlaryň köpdügi sebäpli “tokaý şäheri” diýlip atlandyrylýan ýerde ýerleşýär. Ilkibaşda desga 1 mln adam möçberde garaşylýan ýyllyk ýolagçy akymy bilen içerki howa menzili hökmünde ulanylar, ýöne 2030-njy ýyla çenli, ähtimal, halkara terminalyny goşmak bilen ýylda 5 mln ýolagçy kabul etmek üçin giňeltme göz öňünde tutulýar. Interýeri egri agaç bezeginiň ulanylmagy bilen bezemek meýilleşdirilýär. Içerde tebigy ýagtylygyň düşmegi üçin köp penjire bolar. Belläp geçsek, Aşgabat halkara howa menzili hem guşuň şekilindedir. 2016-njy ýylda gurlan esasy ýolagçy terminaly üçekdäki iň uly göl şekilleri (705 inedördül metr) netijesinde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Mundan başga-da, Dünýä rekordlar akademiýasy howa menzilini guşuň (laçyn) şekilindäki iň uly desga we simwoliki guşuň iň giň ganat gerimi üçin hem ykrar etdi. Howa menzili Polimeks türk kompaniýasy tarapyndan guruldy. Tutuş aerowokzal toplumy 1200 g meýdany eýeleýär we iki uçuş-gonuş zolagyny, şeýle-de ýolagçy terminalyny, dispetçer diňini, ýük ammaryny, angarlary, okuw we lukmançylyk merkezlerini öz içine alýar. Terminalyň meýdany 160 müň inedördül metrden gowrak, beýikligi – 50 m, uzynlygy – 70 m.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir