2025-nji ýylda Rimiň Kapitoliý muzeýinde Türkmenistanyň arheologiki sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Degişli resminama 20-nji martda türkmen wekiliýetiniň Rim şäher meriýasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşynda gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär. Taraplar Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda dürli ulgamlarda, ilkinjileriň hatarynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhümdigini bellediler. Şol bir wagtyň özünde, arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak babatynda ýurtlaryň arasynda uzak möhletli özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir