Amerikaly repçi we prodýuser Dr. Dre (Dr. Dre, Andre Romell Ýang) Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz aldy. Bu barada Billboard ýazýar. Artist resmi taýdan 2775-nji ýyldyza eýe boldy. Dabara onuň dostlary we kärdeşleri, şol sanda Eminem (hakyky ady Marşall Meters III), Snup Dogg (hakyky ady Kelwin Kordozar Brodus-kiçi) we 50 Cent (hakyky ady Kýortis Jekson III) ýaly hip-hop ýyldyzlary gatnaşdy. «Komptonda önüp-ösüp, bir gün bu ýerde çagalyk gahrymanlarymyň arasynda boljagymy göz öňüne-de getirip bilmeýärdim» diýip, prodýuser belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir