Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň orunbasary bilen «Airbus» kompaniýasynyň wekiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenabat halkara howa menziliniň web sahypasynda habar berlişi ýaly «Airbus» Türkmenistana uzakdan monitoring hem-de kosmosdan surata düşürmek boýunça hyzmatlary teklip etdi. Duşuşykda ispan tarapy täze awionika we kosmos hyzmaty boýunça mümkinçiliklerini hödürledi. Mundan başga-da, telekommunikasiýa hyzmatlarynyň we tor howpsuzlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir