Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň Ahal welaýaty boýunça bölümi 2024-nji ýylyň 20-nji martyndan 15-nji maýyna çenli Ahal welaýatynyň çägindäki balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda balyk tutmaklyga çäklendirme girizilýändigini habar berdi. Bu barada Türkmenmetbugat ýazýar. Bu çäre suwuň bioserişdelerini goramak, saklamak, balyklaryň tebigy ýagdaýda üznüksiz köpelmeklerini gazanmak maksady bilen, «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir