Xiaomi, Tesla zawodlary bilen deňeşdirilende, gigafabrik diýlip atlandyrylýan ilkinji awtoulag zawodyny resmi taýdan açdy. Häzirki wagtda bu kompaniýa Xiaomi SU7 elektrikli awtoulag önümciligini ýola goýdy, ýöne geljekde modelleriniň hataryny giňelder. Şeýle hem, kompaniýa krossowerleri öndürmekçi bolýar diýip, ITHome habar berýär. Zawodyň gurluşygy 2022-nji ýylyň aprelinde başlandy. Ol işe girizilenden soň, 2024-nji ýylda ikinji tapgyryň hem gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär, ol 2025-nji ýylda tamamlanar. Zawodyň çäginde öz konfigurasiýasy boýunça ýaryş ýoluny ýada salýan synag ýoly bar. Xiaomi-niň başlygy Leý Szýun Weibo sosial ulgamynda: “Bu gün aýratyn gün: Xiaomi-niň awtoulag gigafabrigi resmi taýdan açyldy. Bu gezek direktorlar geňeşi Xiaomi awtoulag zawodynda maslahat geçirmek kararyna geldi. Direktorlar zawoda baryp gördüler we Xiaomi SU7-ni synagdan geçirdiler ” – diýip belledi.