Nankin aeronawtika we astronawtika uniwersitetiniň alymlary uçuş wagty birnäçe kiçi aýry-aýry dronlara bölünip bilýän dronlary işläp düzdüler. Klýon tohumlarynyň gurluşyndan ruhlanan innowasion tehnologiýa dolandyryjysyz awiasiýa pudagyna uly täsir edip biler diýip, ixbt.com belleýär. Taslama professor Şi Žiweý we onuň topary ýolbaşçylyk etdi. Olar netijeli sürüjisiz ulgamlary döretmekde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Netijede, olaryň ünsi göteriji güýji we ýele durnuklylygy üpjün edýän klýon tohumlarynyň gurluşyna gönükdirildi. Gözlegleriň netijesinde howada iki, üç ýa-da hatda alty özbaşdak dronlara bölünmäge ukyply dronlary döretmek başartdy. Häzirki wagtda “köpelýän” dronlaryň tizligi bazardaky iň çalt modeller bilen bäsleşip bilmese-de, alymlar tehnologiýanyň geljegine uly ynam bildirýärler we ony hasam kämilleşdirmegi meýilleşdirýärler.