Madridiň “Realy” şu tomus ABŞ-daky görkezme ýaryşynda “Barselona” bilen duşuşar. “Çempionlaryň turnesiniň” resmi saýtynda habar berlişi ýaly, iki ispan klubunyň arasyndaky oýun 3-nji awgustda Nýu-Jersi ştatynda geçiriler. Ýaryşyň beýleki gatnaşyjylary “Mançester Siti”, “Çelsi” we “Milan” bolar. Umuman, alty oýun meýilleşdirilýär we olar Nýu-Ýorkda, Orlandoda, Çikagoda, Baltimorda we Şarlottda geçiriler. “Çempionlaryň turnesi” 27-nji iýuldan 6-njy awgust aralygynda geçer. Ýaryşyň birinji güni “Mançester Siti” “Milan”, 30-njy iýulda bolsa “Barselona” bilen oýnar. 31-nji iýulda “Milan” “Real” bilen duşuşar. Ýaryşyň jemleýji güni iki oýun geçiriler: “Barselona” – “Milan” we “Real” – “Çelsi”.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir