Demirgazyk Karolina döwlet uniwersitetiniň gözlegçileri adamlaryň ýalan sözlemäge ykdysady bähbidi bolan ýagdaýynda programmalara ýalany has gowy tanamaga mümkinçilik berýän, emeli aň guralyny döretdiler diýip, gözlege salgylanýan Hi-Tech ýazýar. Okatmagyň täze usuly ipoteka üçin ýüz tutanda ýa-da ätiýaçlandyryş töleglerini azaltjak bolanda adamyň nädogry maglumat berip biljek ýagdaýlaryny emeli aňa göz öňünde tutmaga kömek edýän ölçegleriň toplumyna esaslanýar. Moifisirlenen AI (emeli aň) ulanyjylardan gelýän nädogry maglumatlary gowy tapýar. “Munuň özi ulanyjynyň maglumat berende ýalan sözlemek meýlini düýpli peseldýär. Şeýle-de bolsa, ownuk ýalanlar henizem ünsden düşüp biler. “Kiçijik ýalanlar” bilen “uly ýalanlaryň” arasyndaky serhediň nirededigine düşünmek üçin biz ýene goşmaça işlemeli bolarys. AI-ni ýeterlik derejede akylly edip bilsek, bu meýilleri doly ýok edip bileris "- diýip, gözlegiň awtorlarynyň biri Mehmet Kaner habar berýär. Gözlegçiler AI-e öwretmegiň täze ölçeglerini has giňişleýin synag etmek üçin olary köpçülige elýeter etdiler.