Agence France-Press-niň sosial ulgamlarda paýlaşan habaryna görä, «Inter Maýami» bilen Gonkongyň milli ýygyndysynyň arasyndaky geçirilen ýoldaşlyk oýnuna petek satyn alan janköýerler onuň bahasynyň 50% möçberinde öwez tölegini alarlar. Ýatlatsak, ýoldaşlyk duşuşygy 4-nji fewralda geçirilipdi. Gonkongly janköýerler Lionel Messiniň tutuş oýny ätiýaçlyk oturgyjynda geçirmegine nägileligini bildirdiler. MLS-iň toparynyň iň meşhur oýunçysynyň çykmazlygyny, ony görmek üçin oýnuň gymmat bahaly peteklerini satyn alanlar äsgermezligiň alamaty hasapladylar. Üç gün soň, Lionel 7-nji fewralda Ýaponiýada «Wissel Kobe» bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda «Inter Maýaminiň» düzüminde oýnanda dartgynlylyk has-da artdy. Çeşmäniň habaryna görä, oýny gurnaýjylar bilen kazyýet işinden ýüz öwürýänlere öwez tölegi berler. Duşuşyga 38323 janköýer geldi. «Inter Maýami» bilen Gonkongyň milli ýygyndysynyň arasyndaky oýnuň peteginiň iň pes bahasy 108 dollardan başlanýardy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir