Sony we Esports World Cup köp ýyllyk hyzmatdaşlygy ýola goýjakdyklaryny yglan etdiler. Hyzmatdaşlygyň çäginde Sony şu tomus ilkinji gezek Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçiriljek global kibersport ýaryşynda esasy hyzmatdaş bolar. Hyzmatdaşlygyň çäginde Sony Music çempionatyň açylyşy üçin gimn ýazar we Sony Pictures bolsa ýaryşyň geçirilişi, kibertürgenler we aýry-aýry oýunlar barada dokumental serial çykarar. Esports World Cup her ýyl kibersportda Olimpiýa oýunlaryna meňzeş kiçi sport ýaryşy bolar. Bäsleşik taryhdaky iň uly baýrak gaznasyna eýe bolar. Bäsleşikler Dota 2, Counter-Strike, Fortnite we StarCraft II ýaly, azyndan 10 oýun boýunça geçiriler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir