DxOMark synagynyň netijelerine görä, Samsung Galaxy A35 bahasy 200-400 dollar aralygyndaky smartfonlaryň arasynda iň gowy ekrana eýe. DxOMarkyň bilermenleri Galaxy A35-iň ekranynyň reňk görkezişine, Gün düşýän ýerde okalyşyna, wideolarda we oýunlarda dinamiki sahnalary görkezişiniň hiline ýokary baha berdiler. Kamera barada aýdylanda, Galaxy A35 öz kategoriýasynda diňe OnePlus Nord 2T 5G-den soň ikinji ýeri eýeledi. Umuman alanyňda (bahadan başga), Galaxy A35 kamera mümkinçilikleri boýunça 122-nji, ekranyň hili boýunça 49-njy ýerde durýar. DxOMark Galaxy A35-iň kamerasynyň jikme-jik synyny entek çap etmedi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir