Amerikanyň Radia başlangyjy dünýäde iň uly uçar boljak WindRunner ýük uçarynyň taslamasyny hödürledi. Bu barada başlangyjyň ýolbaşçysy, raketaçy alym Mark Lundstrom The Wall Street Journal gazetine beren interwýusynda aýtdy. WindRunner-iň uzynlygy 108,5 metr, beýikligi 24 metr, ganatynyň uzynlygy 79,5 metr bolar we 80 tonna ýüki göterer. Uçar ululygy sebäpli gury ýerden daşap bolmaýan 90 metr uzynlykdaky ýel turbinalarynyň perlerini daşar. Ýük uçary M = 0,6 (Mah sany) çenli tizlige ýetip biler. Şeýle gabaraly uçara iki kilometre golaý uzalyp gidýän uçuş-gonuş zolagy gerek bolar. Radia-nyň topary uçaryň täjirçilik önümçiliginiň 2027-nji ýylyň ahyryna çenli başlanmagyna garaşýar. WindRunner ýel energiýasynyň ösüşini çaltlaşdyrar. Uçaryň göterijilik ukyby we ölçegleri ony başga ugurlarda-da ulanmaga mümkinçilik berýär: mysal üçin, harby ulgamda - agyr tehnikany daşamakda.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir