FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň 2023-nji ýylda gazanan girdejisi belli boldy. Sky Sports-yň habar bermegine görä, Infantino täze möhlete gaýtadan saýlanandan soň, onuň zähmet haky üçden bir bölek ýokarlandy. Bu barada championat.com belleýär. 2023-nji ýylda FIFA-nyň prezidentiniň esasy girdejisi 2,2 mln funt sterling boldy, bu bolsa 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 33% köpdür. Geçen ýyl zenanlaryň arasynda dünýä çempionatynyň geçirilendigi üçin 1,5 mln funt sterling möçberdäki bonusy hem göz öňünde tutmak bilen, Infantino 3,6 mln funt sterling gazandy. 2022-nji ýylda FIFA-nyň prezidentiniň girdejisi ýylda 1,7 mln funt sterling möçberdäki esasy girdejide, takmynan, 3,2 mln funt sterling boldy. Ýatlap geçsek, Janni Infantino ilkinji gezek 2016-njy ýylda FIFA-nyň prezidenti saýlandy, ol ikinji tapgyrda mümkin bolan 207 sesden 115 ses aldy. 2019-njy ýylda ikinji möhlete, 2023-nji ýylda üçünji möhlete saýlandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir