Neçun beyle kemsitdin sen, nadan diyip, halkyma, Dil yetirdin ahunyma, Magtymgula, gor kime?! Geçmishime nazar ayla, magaryfa yalkyma, Akademiyaly halkam hey-de nadan bolarmy?! Momun açdy mun yyl ozal ylmy akademiya, Kyrk mun mollaly Urgençde owrenildi himiya, Edebiyat, hasap ylmy hem-de astronomiya... Sheyle ylymlar bilenem hey-de nadan bolarmy?! Dunya belli alym bary yygnanypdy shol yerde, Abu Reyhan Beruny-da shonda durupdy serde, Abu Bekr Muhammet al-Horezmen osdi shol yerde, Abu Aly ibn Sina derman etdi bar derde, Sheyle kop alymly halkam hey-de nadan bolarmy?! Abu Abdylla Horezmi owrendi bar ylymy, "Mafatih al-ulumynda" bolushdirdi bilimi, Oñ ensiklopediyasy uzyn etdi dilimi, Alym sheydip, tanysh etdi ylym bilen alemi, Sheyle kop alymly halkam hey-de nadan bolarmy?! Ashyk Aydyn pirim bardyr ol Burkut baba bilen, Ene-ata gadryn bilip, deneyas Kabe bilen, Yanlanypdy men azanym metjitde saba bilen, Bolsa halkyn oz yazuwy, mekdep hem molla bilen, Nadara wyjdanyn nirde, halkam nadan bolarmy?! "Medinede - Muhammet, Turkustanda -Hoja Ahmet", Diylen Yasawa berdi Yusup Hemedany medet, Asly ata Yasawy yazypdy kan ajap hikmet, Shol dowurde ulkamde osdi ylym-medeniyet, Ençe ahun-pirli ilem hey-de nadan bolarmy?! Hoja Yusup Hemedany Gul Hoja berdi pata, Ol hem berdi pata - Mansur, Taç Hoja, Bedir ata, Zenni baba, Uzyn Hasan, Seyit Ahmet, Sadr ata, Bahaweddin Nagyshbenda, pirimiz hekim ata, Sheyle ahun-pirli yurdam hey-de nadan bolarmy?! Koneurgenç medreseler ummany bolan bolsa, Ylym ojagy Bagdatdan halyflar gelen bolsa, Gozli ata geljegi, boljagy bilen bolsa, Ak ishandyr Molla Tore ahunlyk alan bolsa, Munça ahunly diyaram hey-de nadan bolarmy?! Dunyade kusht oynun açan Assuly turkmenim meñ, Yagshyñ piri Burkut baba hiç gownun yetmedi señ, Shirim-Sanjar, pirim-Malim, Hoja Yusup hemma deñ, Sagym-Gorkut, solum-Görogly beg, ruhum-aydym-heñ, Ençe gerçekli diyaram hey-de nadan bolarmy?! Milli ruhuma yugrulan il edebim bar bolsa, Payhas elegin eyleyan osen añym bar bolsa, Gozel yurdun gozel ili ederin ozi bilse, Yurdumda ylmyn taryhy koki anyrdan gelse, Alymly, mollaly halkam hey-de nadan bolarmy?! Yun bile yupegi, gyzyl, ak renki soyen ilim, Ylmy açyshda uzyndyr bilsen men sayrak dilim, Bilmeseñ, bilip goy, ilde ozune yetik bilim, Halkyn doredijiligi - dilden açylan ylym, Sheyle dorediji halkam hey-de nadan bolarmy?!

Köneler, Anakonda tarapyndan 13 years ago
    Auditor 13 years ago
  • Anakonda dash etdn shuna
    mirasymyz 13 years ago
  • Sagja bol, dost. Kiming goshgusy-ka we turkmendigine utanyp yoren barmy? Name uchin achdyngyz? Xrom ozune nadan diydimi?
    Auditor 13 years ago
  • Mirasmz aramzda bara milletparazlar
    mirasymyz 13 years ago
  • Haysy temada m-parazlygyny etdi-ka, auditor.
    Auditor 13 years ago
  • Olary yslam ayrypdyr oytyan. Balkan, dashoguzcy ... Temalar bardy. Anakonda sholary gozonune tutp yazdymyka diyan!
    Anakonda 13 years ago
  • Mirasymyz!
    Xrom agzan açan temalaryny yzarlap gor dushunersin!
    Agshamam adam yaly adminin ozem aytdy ona, gaytam yene açyar bolgusyz tema, olary admin ayyrdy!
    Men ona yone shu goshgyn usti bilen ona dushundirjek bolyan!
    Xrom dushuner diyip umyt edyan!
    mirasymyz 13 years ago
  • Ha-a dushundim dost. O gunki balkany paytagt etjek bolyandyr-ow?!
    idealman 13 years ago
  • hawa $ol!baýlyklar diñe balkanda,balkan dubaý ýaly bolmaly diýip ýören
    nejepturkmen 13 years ago
  • govy goshgy eken.avtory kimay anakonda?
    Kiminkem bolsa sag bol !
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri