Aşgabatda 2024-nji ýylyň Türkmenistanyň küşt çempionaty ýaryşy tamamlandy. Harby gullukdaky 21 ýaşly esger Allaýar Şirliýew we Aşgabatdan 17 ýaşly mekdep okuwçysy Merýem Agajanowa karýerasynda ilkinji gezek ýurduň çempionlary boldular. 4-nji martdan 17-nji mart aralygynda geçen çempionatyň Ýokary ligasyna Türkmenistandan iň güýçli 8 küştçi we zenan küştçi gatnaşdy. Şirliýew mümkin bolan 14 utukdan 11,5 utuk gazanyp, ýakyn bäsdeşinden bir utuk öňe geçdi. Zenanlaryň ýaryşynda Agajanowa 12 utuk gazanyp, Läle Şöhradowadan bir utuk öňe geçdi. Ýaryşyň jemi boýunça Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi emele getirildi. Erkekler ýygyndysyna Allaýar Şirliýew, Amanmuhammet Hommadow, Wepaly Halynyýazow, Saparmyrat Atabaýew we Meýlis Annaberdiýew girdi. 4-nji orny eýelän 16 ýaşly Azym Saryýew ýurduň ulular ýygyndysynyň ätiýaçdaky düzümine goşuldy. Garaşylmadyk ýagdaýda 2023-nji ýylyň çempiony Maksat Atabaýew ýaryşdan çekildi – ilkinji iki tapgyrda ýeňlenden soň, halkara grossmeýster ýaryşa gatnaşmagyny bes etdi. Ýurduň zenanlar ýygyndysyna Merýem Agajanowa, doganlar Läle we Leýla Şöhradowalar, Jahan Rejepowa we Eneş Arazmedowa girdi. Ýaryşyň netijeleri we geçirilen oýunlaryň wideo-seljermeleri bilen Chess.Results.com saýtynda tanşyp bilersiňiz.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir