Hytaýyň Qingsheng Meng senagat kompaniýasy uçar görnüşli pilotsyz ýük uçuş apparatyny (PUA) bolan DJI Express konseptini hödürledi. Bu 2500 kilometre çenli aralyga 1,5 tonna çenli ýüki daşamaga ukyply doly elektrikleşdirilen pilotsyz uçardyr. Täze PUA-nyň uçuş uzaklygy adaty howa gämisiniň uçuş uzaklygy bilen deňdir. DJI Express-iň esasy täzeliklerinden biri hem gibrid ganat dizaýnydyr. Modeliň ganaty uçuş we gonuş wagtynda açylýar we multirotor dron ýaly, dik uçuşy we gonuşy üpjün edýär. Uçuş wagtynda ganatlary ýygnalýar we uçuşyň netijeliligini hem-de uzaklygyny ýokarlandyryp, süýnmek uçar gurluşyny emele getirýär. DJI Express uzak aralykdan dolandyrylyp bilner. Şeýle hem, PUA kesgitlenen ugur boýunça doly özbaşdak uçup biler. Şol bir wagtyň özünde, gözegçiligi islendik wagt adam-operatora geçirip bolýar. Qingsheng Meng 2024-nji ýylyň ahyryna çenli DJI Express-i hakyky şertlerde synag edip başlar. Ähli işler meýilleşdirilişi ýaly gitse, täjirçilik amallaryna 2026-njy ýylda başlanar. Bu model dünýäniň logistika pudagyny we üpjünçilik zynjyryny düýpli özgerdip biler.