17-19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýa iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň çäklerinde Ýewropa Komissiýasynda, Ýewropa Geňeşinde we Brýusselde ýerleşýän beýleki halkara guramalarynda, degişli ministrlikler we pudak edaralary, söwda-ykdysady gurluşlary we işewür toparlary, şeýle-de ençeme ýewropa kompaniýalary bilen duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär. Meýilleşdirilýän duşuşyklaryň gün tertibine Türkmenistanyň köptaraplaýyn halkara meýdançalaryndaky hyzmatdaşlygyny giňeltmek, Belgiýa bilen syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek, şeýle hem ýewropanyň işewür toparlary bilen gatnaşyklary giňeltmek boýunça meseleler giriziler diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir