Huawei kompaniýasy täze Nova 12s smartfony üçin deslapky sargytlary kabul edip başlady, şonuň netijesinde enjam barada käbir maglumatlar mälim boldy. Bu barada GizmoChina neşiri habar berýär. Nova 12s-iň dizaýny Nova 12 Lite-iň dizaýnyna gaty meňzeýär. Ýagny, arka tarapynda üç datçik ýerleşdirilen gerdejik görnüşli kamera bar. Gyralary tekiz, has gowy tutmak üçin iki ujunda birneme egrilik bar. Daşky meňzeşliginden başga-da, enjamyň beýleki aýratynlyklary hem Nova 12 Lite bilen deňdir. Huawei Nova 12s-iň 8 GB operatiw ýat, 256 GB goşmaça ýat we giň burçly obýektiwli 60 megapikselli kamera bilen üpjün edilendigini belleýär. Şeýle hem enjam 66W SuperCharge Turbo çalt zarýad bermegi goldaýar. Mundan başga-da, Nova 12s gök we ak reňklerde elýeterli bolar. Enjamyň galyňlygy 6,88 mm, agramy 168 gr bolar. Meksikada Huawei Nova 12s-iň öňünden sargytlary mahabat häsiýetine eýedir. Ulanyjylara smartfonyň çykan gününde 20% arzanladyş almak üçin 10 meksikan pesosyny tölemek teklip edilýär. Täze önümiň satuwynyň doly başlamagy 2024-nji ýylyň 21-nji martynda meýilleşdirilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir