Geçginli “Baý kaka, garyp kaka” kitabynyň awtory Robert Kiýosakiniň altyn we kümüş 2024-nji ýylda iň gowy maýa goýumlarynyň biri bolar diýip hasaplaýar. Rich Dad Radio podkastynyň täze goýberilişinde gymmatly metallary "hemişe ýanyňyzda boljak ygtybarly süýşürintgiler" diýip atlandyrdy. "Bu gymmatly metallary bilegiňize, barmaklaryňyza ýa-da gulaklaryňyza şaý-sepler görnüşinde dakyp bilersiňiz" – diýip, Kiýosaki hususy serişdeler görnüşinde maýa goýmagyň artykmaçlyklaryny belledi. Dünýädäki durnuksyz ykdysady ýagdaý altyn-kümşi süýşürintgi pul goýmagyň ygtybarly usuly edýär. Altyn teňňeleri zikgelemek bilen meşgullanýan Miles Franklin Precious Metals kompaniýasynyň prezidenti Endi Şektman hem maliýe bilermeniniň bu pikirini goldady. “Gymmatly metallar - alyjy gözläp kösenmeli bolmaýan durnukly baýlyk. Taryh bu hili emlägiň islendik döwürlerde-de ygtybarlydygyny görkezdi "- diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. Kiýosaki kümşi “iň uly şertnama” diýip tekrarlap gelýär we maýadarlara bu aktiwlere üns bermegi maslahat berdi. Hünärmenler, senagatda islegiň ýokarlanandygyna salgylanyp, 2024-nji ýylda kümşüň örän islegli boljakdygyny çaklaýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir