Milliarder Ilon Mask emeli aňyň geljegi ugrundaky söweşinde nobatdaky ädimini ätdi. Ol xAI emeli aň startapy tarapyndan döredilen Grok çat-botunyň açyk kody bilen paýlaşdy. Grok – X sosial ulgamyna integrirlenen çat-bot. Ol ulanyjylaryň postlary esasynda türgenleşip, olara sorag bermäge we maglumat beriji jogaplary almaga mümkinçilik berýär. Grok-yň açyk kody emeli aň jemgyýetinde ýiti çekeleşikleri döretdi. Maskyň tarapdarlary munuň tehnologiýany has aç-açan we howpsuz etjekdigine ynanýarlar. Garşydaşlar bolsa koduň betpäl maksatlar bilen ulanylmagyndan heder edýärler diýip, The New York Times ýazýar. xAI öz başlangyç koduny aýan eden ýeke-täk kompaniýa däl. Öň, Meta we Mistral fransuz kompaniýasy hem şeýle etdi diýip, Reuters agentligi belleýär. Google hem Gemma ady bilen emeli aň modelini çykardy. Ony üçünji tarap işläp düzüjiler öz isleglerine görä gutarnykly işläp bilýärler. Ýatlap geçsek, öň Mask ChatGPT-ni işläp düzüji OpenAI kompaniýasyna we onuň baş müdiri Sem Altmana garşy kazyýete arza berdi. Mask olary esaslandyryjy şertnamasyny bozmakda aýyplady. Milliarderiň pikiriçe, kompaniýa girdejini adamzat bähbidinden ýokary goýup başlady. OpenAI bu şikaýaty ret edip, birwagtlar Maskyň bu startapy Tesla awtomobil kompaniýasynyň bir bölegi etmegi teklip edendigini hem-de onuň täjirçilik pikirini goldandygyny, ýöne öz ýolbaşçylygynda bolmagyny isländigini aýtdy. “OpenAI-iň nähili ajaýyp tehnologiki üstünlikleri gazanandygyny görüp, Mask indi bu üstünlige özi ýetmek isleýär” – diýip, OpenAI-iň hukukçylary ýazdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir