Awstraliýa iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň täze bellenilen ilçisi A.Baýramow ýurduň Hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri bilen birnäçe iş duşuşyklaryny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär. Bellenilişi ýaly, Awstraliýanyň daşary işler we söwda ministri Tim Uottson bilen geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy. Taraplar Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ýokary derejede özara saparlaryň we geňeşmeleriň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Soňra A.Baýramow Awstraliýanyň DIM-niň Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa Toparynyň işi boýunça sekretarynyň orunbasary Mişel Çan bilen duşuşdy. Duşuşykda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmegiň ýollary maslahatlaşyldy. Awstraliýanyň Bilim ministrliginiň sekretarynyň orunbasary Wanessa Laptorn bilen duşuşykda bilim ulgamy maslahatlaşyldy. Taraplar bilim, akademiki alyş-çalyş we ylmy barlaglar ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine garadylar. Awstraliýanyň howanyň üýtgemegi we energetika meseleleri boýunça ministriniň geňeşçisi Maýkl Belçamber bilen duşuşykda ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir