2023-nji ýylyň netijeleri boýunça dünýäde iň köp satylan MPV synply awtoulag (bu miniwenleri hem öz içine alýar) Hytaýyň GAC Aito Y awtoulagy boldy. Ýylyň dowamynda dünýäde 4,4 million MPV awtoulagy satyldy, şolardan 235,7 müňüsi hytaýly GAC Aito Y ulagydyr. 3 ýyl mundan öň tanyşdyrylan bu modeliň satuwy geçen ýylda iki esse artdy. Ösüş 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 97% boldy. Dünýäde iň meşhur ikinji awtoulag Kia Carnival boldy. Bu awtoulag 2023-nji ýylda 150,2 müň nusgada satyldy. Üçünji orunda öň bu ugurda satuwlarda öňdebaryjy bolan Toyota Sienna ýerleşdi. Ýylyň dowamynda dünýä bazarynda bu awtolulaglaryň 146,7 müňüsi satyldy. Dördünji we bäşinji ýerlerde Maruti hindi brendi tarapyndan öndürilýän ýedi orunlyk Maruti Eeco (136 müň awtoulag) we Maruti Ertiga (130 müň awtoulag) ýerleşdiler.