Google kompaniýasy 2024-nji ýylda işläp düzüjiler üçin geçiriljek konferensiýanyň senesini yglan etdi. Bu çäre ýene iki aýdan – 14-nji maýda Kaliforniýa ştatynyň Mauntin-Wýu şäherindäki Shoreline Amphitheater-de geçiriler. Konferensiýa baş müdir Sundar Piçainiň esasy doklady bilen başlar. Soňra işläp düzüjiler üçin esasy doklad we tehniki sessiýalar bolar. Programmanyň esasy wakasy täze Android 15 operasion sistemasy bolar. Mundan başga-da, Google 2024-nji ýylyň I/O konferensiýasynda täze gajetleri görkezmeli. Mysal üçin, Pixel 8a smartfonyny. Kompaniýa Pixel 9, Pixel 9 Pro flagmanlaryny we Pixel Fold 2 eplenýän smartfonyny hem anons edip biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir