Bütindünýä Fotografiýa Guramasy (World Photography Organisation) dünýäde iň abraýly surat bäsleşikleriniň biri bolan “Sony World Photography Awards 2024” bäsleşiginiň netijesini jemledi. Bu ýyl oňa 220-den gowrak ýurtdan we sebitden 395 000 töweregi surat iberildi. Bäsleşigiň emin agzalary “Binagärlik”, “Döredijilik”, “Peýzaž”, “Durmuş stili”, “Hereket”, “Haýwanat dünýäsi we ýabany tebigat”, “Obýekt”, “Portret”, “Strit-fotografiýa” we “Syýahat” kategoriýalarynda 10 ýeňijini saýladylar. Bäsleşigiň Gran-prisiniň eýesi 18-nji aprelde Londonda geçiriljek dabarada yglan ediler. Sony World Photography Awards 2007-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. Oňa hem professional fotograflar, hem höwesjeňler gatnaşyp bilýär. TmCars okyjylaryny dünýäde iň abraýly foto-bäsleşikleriniň biriniň ýeňijileri we finalçylary bolan täsin suratlardan lezzet almaga çagyrýarys.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir