Los-Anjelesdäki (ABŞ) Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary gürlemek ukybyny ýitiren adamlara kömek etjek “akylly” plastyr döretdiler. Enjamyň işleýiş ýörelgesi we synaglaryň netijeleri Nature Communications žurnalynda beýan edilýär. Plastyr boýna dakylýar we myşsalaryň hereketlerini sanamak bilen, olary elektrik signallaryna öwürýär, olar hem öz gezeginde çuňňur maşyn öwrenmek algoritmleriniň kömegi bilen sözleýşe öwrülýär. Düýpli keseller sebäpli sözleýşini ýitiren adamlar, adatça, operasiýa edilýär (traheýa-gyzylödek şuntirlemesi), operasiýa wagtynda ses protezleri goýulýar. Beýleki ýagdaýlarda ýörite ses dörediji enjamlary ulanmak maslahat berilýär - şeýle ýagdaýlarda adam enjamy boýnuna - çekgäniň ýa-da eňeginiň aşagyna dakýar, şonda enjam myşsalaryň hereketini sözleýişe öwürýär. Täze enjam bu meselä has amatly we täsirli çözgüt hödürleýär. Enjam zarýad bermegi talap etmeýär, ýokary hilli ses çykarýar we suw geçirmeýär. Sekiz meýletinçide geçirilen synag plastyryň 94,68% -de myşsanyň hereketini dogry tanandygyny görkezdi. Meýletinçiler synaglarda “Salam, ýagdaýlaryňyz nähili?”, “Roždestwo baýramyňyz gutly bolsun”, “Saňa ynanamok” ýa-da “Men seni söýýärin” ýaly giňden ulanylýan sözleri daşyndan we pyşyrdap aýtdylar. Olar muny duran ýerinde, ýöräp barýarka we ylgaýarka aýtdylar. Enjamyň agramy bary-ýogy ýedi gram, ol has çeýe bolup, myşsanyň hereketlerini gowy tanýar we 40 mikrosekuntda oňa seslenýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir